Kano kristales — Kolumbiýanyň reňkli derýasy

30 Aprel 2024
980

Kano Kristales – Kolumbiýanyň ajaýyp derýasydyr. Ispan dilinde onuň ady «kristal derýa» diýmegi aňladýar. Guşuçar belentlikden synlasaň, derýa akymy älemgoşara meňzeýär. Gyrmyzy-gyzyl, gara, sary, mawy we gülgüne reňkleriniň dürli öwüşginleri suwdaky endemiki suwotulary Makarenýa klawigera berýär. Landşaftlaryň gözelligi we tebigatyň baýlygy üçin ajaýyp derýa ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

Bu derýa Kolumbiýanyň Serrania de la Makarena milli seýilgähiniň çäginden akýar. Suwda zibil duzlar we minerallar ýok diýen ýaly, şonuň üçin derýada balyk hem ýok. Suwasty dünýäniň doýgun gyrmyzy, sary, ýaşyl, gök we gara reňkleri bir metr çuňlukda-da görünýär. Älemgoşary ýada salýan bu derýanyň düýbünde tegelek tebigy guýular bar. Derýada reňkleriň öwüşginlerini diňe gurak möwsümde — iýun aýyndan noýabr aýyna çenli görüp bolýar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Berkeli ATAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.