MELE MEÝDANYŇ AK SOGANY

28 Aprel 2024
796

Ilersinde gojaman Köpetdagyň alagarly gerişleri seleňläp duran, gaýrasynda Garagumuň guba çägeleri ýaýraw tutan meýdanyň beýle ýap-ýaşyl bolup ýatyşyny gör-le! Günçykar gapdalynda lummurdaýan kiçeňräk ýabyň köçe gyrasyna ekilen miweli agaçlar indi gülüni döküp ugrapdyram weli, şonda-da edil älemgoşar ýere gaçan ýaly.

Aňyrsy gözýetim bilen sepleşýän meýdan bolsa ýaşyl don geýdirilene çalymdaş. Ýok, daşdan şeýle görünýär. Suw barýan salmasyndan ätläp, çilinden geçýärsiňem weli, toprak göterip oturan hasyl. Özem hersi ýumrukdan uly ak soganlar: «Hany, gel, meni gopar!» diýýäne meňzeş. Hawa, öseriniň dik ujy tümmerip, baldaklaram joýa tarap ýatypdyr. Diýmek, sogan doly ýetişipdir. Indi «Gyssagyň özüň bilen» diýleni. Ine-gana synlap durkaňam, sogan hakda bilýän, eşiden zatlaryň ýene hakyda dolup gidýär.

Gurbannazar ORAZGULYÝEW,
«Biznes reklama».