«7/24. tm» №18 (205), 29.04.2024
Dünýäde sportuň suwda oýnalýan birnäçe görnüşleri bardyr. Olardan gaýykda ýüzmek, suwda ýüzmek, kanoe gaýygynda ýüzmek ýaly birnäçe gyzykly suw sportlaryny mysal getirmek bolar. Şeýle-de, biziň döwletimizde esasy ýörgünli suw sportlarynyň biri suwda ýüzmekdir. Suwda ýüzmek sportuna ýaşlary uly gyzyklanma bildirýärler. Türkmen türgenlerimiz suwda ýüzmek boýunça geçirilýän halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, ýurdumyzyň sport abraýyny goraýarlar.