UEFA Ýaşlar Ligasynda Gresiýanyň «Olimpiakos» topary çempion boldy. Grek klubunyň ýaşlar düzümi Şweýsariýanyň Nýon şäherinde geçirilen finalda Italiýanyň «Milan» toparynyň ýaşlar düzümini 3–0 hasabynda utdy. «Olimpiakosa» ýeňiş getiren gollary 60-njy minutda penaltiden Muzakits, 61-nji minutda Papakanellos, 66-njy minutda-da Bakulas derwezä girizdi. Şunlukda, «Olimpiakos» topary taryhynda ilkinji gezek bu ýaryşda ýeňiji boldy.
«Olimpiakos» topary UEFA-nyň ýaryşlarynda ýeňiş gazanan ilkinji grek kluby hökmünde hasaba alyndy. Umumylykda, bu grekleriň UEFA-daky EURO 2004-de gazanylan çempionlykdan soň 2-nji ýeňşi boldy. «Olimpiakos» topary esasy ligadan bolman çempionlyk gazanan 3-nji klub bolup, ondan öň «Leipsig» hem-de geçen möwsümde AZ toparlary ýaryşa ýerli çempionlar kategoriýasyndan goşulyp, kubogy eýeläpdi. Geçen möwsüm 3-nji ýeri eýelän «Milan» bu sapar kümüş medala mynasyp boldy. 10-njy gezek geçirilen ýaryşda «Çelsi» bilen «Barselona» 2, «Benfika», «Porto», «Real Madrid» 1 sapar çempionlyk gazandy.