Formula 1 boýunça möwsümiň 5-nji ýaryşy Hytaýyň Şanhaý şäherinde guraldy. Şäheriň adybir halkara trassasynda geçirilen ýaryşda «Red Bull» toparynyň niderland sürüjisi Maks Werstappen ýeňiş gazandy. Ol 56 aýlawlyk ýaryşy 1 sagat 40 minut 52,554 sekuntda tamamlap, möwsümdäki 4-nji, karýerasyndaky 58-nji ýeňşini baýram etdi. Ýaryşa ilkinji hatardan bat alan Werstappen sprint ýaryşynda pellehana birinji bolup gelmegi başardy. Mundan öňki 4 ýaryşyň 3-sinde Werstappen 1-nji, meksikaly topardaşy Serhio Peres 2-nji bolupdy. Bu gezek iki topardaşyň arasyna «McLaren» toparynyň britan piloty Lando Norris girip, ol ýeňijiden 13,773 sekunt yza galdy. Peresiň 3-nji bolan ýaryşynda 4–5-nji orunlary «Ferrari» toparynyň pilotlary – Şarl Lekler bilen Karlos Saýns Junior paýlaşdylar.
Geçirilen 5-nji ýaryşdan soň sanawyň lideri Werstappen utugyny 110-a ýetirdi. Topardaşy Peres 85 utuk bilen 2-nji ýeri eýelese, «Ferrari» toparynyň sürüjileri — Lekler 76, Saýns 69 utuk bilen 3–4-nji orunda barýarlar.