Ak bugdaý etrabynyň gallaçylary güýzlük bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alyp barýarlar. Üstümizdäki ýylda guşgursak ak bugdaýyň bol hasylyny öndürmek ugrunda yhlasly zähmet çekýän daýhan birleşikleriniň we daýhan hojalyklarynyň zähmetkeşleri häzirki meýdan işleriniň her birine jogapkärli çemeleşýärler.
Bugdaý ekilen meýdanlary mineral dökünler bilen iýmitlendirmekde, ösüş suwuny tutmakda etrabyň “Ak üzüm”, “Üzümli toprak” daýhan hojalyklarynda alnyp barylýan işler öwgä mynasypdyr. Agzalan hojalyklaryň göreldesine beýleki hojalyklaryň daýhanlary hem eýerýärler.