Ataly-ogluň maksatlary bir

24 Aprel 2024
797

Çärjew etrabynda ene toprakdan bol hasyl almagy başarýan ussat kärendeçileriň uly topary zähmet çekýär. Daýhançylygyň maşgala kesbine öwrülen ýerleri hem bar.

Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi Bahram Şirow hormatly dynç alyşdadygyna garamazdan, daýhançylyk bilen meşgullanmagyny dowam etdirýär. Mundan kyrk ýyl ozal häzirki S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetini tamamlan ýaşulynyň durmuş ýolunyň köp bölegi «Lebap» daýhan birleşigi bilen baglanyşykly geçipdir. Ol üç ýyllap hojalygyň agronomy bolup işläpdir. Şondan soň otuz ýyldan gowrak wagtlap topar ýolbaşçysy wezipesinde zähmet çekipdir. Şol ýyllaryň dowamynda gowaça ekilsin ýa-da bugdaý, tapawudy ýok, öňde goýlan wezipeleri artygy bilen berjaý edip gelipdir. Ömrüni ene ýeriň hyzmatyna bagyşlan ýaşuly pensiýa çykanyndan soň hem iki elini gowşuryp oturyp bilmändir. Daýhan birleşiginden iki gektar ýeri kärendesine alyp, onda ekin çalşygyna laýyklykda bugdaý, gowaça ýetişdiripdir. Hemişe bolşy ýaly, onuň şertnamalaýyn borçnamasyny artygy bilen ýerine ýetirmedik ýyly ýok.

Döwlet JUMADURDYÝEW.