Eziz Diýarymyzda daýhanlaryň yhlasly zähmeti netijesinde azyk önümleriniň bolçulygy döredilýär. Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň edermen daýhanlary hem 1 müň 533 gektar meýdanda ýazlyk ýeralma, käşir, sogan, kelem we beýleki ekinleri ekdiler. Ýazlyk soganyň ekişi bu ýerde fewral aýynyň soňky ongünlüginiň ortalarynda tamamlandy. Etrapda daýhan hojalyklarynyň we önüm öndürijileriň uly topary gök we bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýar. Şu günler ýazlyk ýeralma ideg edilýär. Ýazlyk ýeralma 480 gektar meýdanda ekilip, şonça meýdandan 6 müň 720 tonna hasyl ýygnamak meýilleşdirildi.
Çärjew etrabynyň ekerançylarynyň sogan ösdürip ýetişdirmekde baý iş tejribesi bar. Olar her ýylda sogan ekilen meýdanlaryň her gektaryndan 250 sentnerden geçirip, hasyl ýygnamagyň hötdesinden gelýärler. Etrapda 230 gektar ýerde ýazlyk sogan ösdürilip ýetişdirilýär. Şu ýyl bakjaçy daýhanlar Ýylgynagyz, Bataş ýaýlalaryndaky kärende ýerlerinde soganyň ekişini irgözinden tamamladylar. Tejribeli ekerançylar sogan eken meýdanlaryndan 5 müň 750 tonna hasyl aljakdyklaryny ynam bilen aýdýarlar.