Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly ýurdumyzyň daýhanlary üçin rysgally ýyllaryň biri bolar. Çünki bu ýyl ygally geldi. Ýylyň ygally gelmegi güýzlük bugdaý üçin örän ähmiýetli. Tebigy ýagan ygal bugdaý maýsalaryna berlen mineral dökünleriň oňat eremegine, topraga gowy siňmegine mümkinçilik berýär.
Şu günler Köneürgenç etrabynyň daýhan birleşiklerine baryp, bugdaýly meýdanlary synlanyňda, gözüň dokunýar. Gün-günden kadaly boý alýan bugdaý maýsalary bol hasylyň kemala geljekdiginden habar berýär. Häzirki wagtda etrabymyzyň kärendeçileri güýzlük bugdaýlara ösüş suwuny tutýarlar. Ekin meýdanlar ene ýaplardan, şeýle hem suw sorujy enjamlaryň kömegi bilen suwarylýar. Etrap boýunça suw sorujy enjamlaryň 20-si güýzlük bugdaýa suw tutmak üçin işledilýär. Her gün etrabymyz boýunça 350 – 400 gektarda güýzlük bugdaýa ösüş suwy tutulýar. Suwuň talabalaýyk tutulyşyna miraplar, topar ýolbaşçylary gözegçilik edýärler. Güýzlük bugdaýa ideg etmekde etrabymyzyň «Akgala», «Watan», «Kyrkgyz», «Maslahat» daýhan birleşikleri has-da tapawutlanýarlar. Güýzlük bugdaýa ideg işleriniň öz wagtynda talabalaýyk geçirilmegi netijesinde maýsalar kadaly boý alýarlar. Munuň özi 17 müň 500 gektar güýzlük bugdaýdan 35 müň 900 tonna galla hasylynyň ösdürilip ýetişdirilmegine garaşylýar.