Tohumlyk bugdaýy ösdürip ýetişdirmegiň aýratynlyklary

23 Aprel 2024
754

Tohumlyk bugdaýyň guşgursak, iri, dokmaňyz, bol hasylyny öndürmekde ony ösdürip ýetişdirmegiň agrotehniki talaplaryny hem-de otag işini ýokary derejede, öz wagtynda ýerine ýetirmek möhümdir. Beýleki oba hojalyk ekinleri ýaly, güýzlük bugdaý hem gowy idegi talap edýär. Özboluşly toprak-howa şertlerimizde ekilen bugdaý däneleri döküne we suwa uly isleg bildirýär. Bugdaý özüniň ösüşiniň irki döwründe — gögerenden çogdamlanmagyň ahyryna çenli, topragyň hiline baglylykda organiki we mineral iýmit maddalaryna uly isleg bildirmese-de, ösüşiniň şu döwründe güýzlük bugdaý azotyň we fosforyň ýetmezçiligine mätäçlik çekýär.

Ösümlik toprakdan alan iýmit maddalaryny suwda erän görnüşinde özleşdirýär. Şonuň üçin dökünler bilen iýmitlendirilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak zerurdyr. Ilkinji ösüş suwy gektara ortaça 800 kubmetr kada bilen tutulýar. Suwy az akym bilen siňňitli tutmak gerek, sebäbi artykmaç ýa-da kemter suwarmak hasylyň peselmegine getirýär.

Aýnabat GARAHANOWA,
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynyň kiçi ylmy işgäri.