Sarahs etrabynda ilkinjileriň hatarynda daýhan hojalygyny döretmäge isleg bildiren daýhanlaryň hatarynda Saýlaw Ýusubowy agzamak bolýar. Ol 2021-nji ýylda özüniň maşgala agzalary bilen «Gymmatly hazyna» daýhan hojalygyny döredip, bölünip berlen 519 gektar meýdanda däne, gowaça ekinlerini, üzüm, miweli baglary ýetişdirip başlady.
Geçen ýyl daýhan hojalygynyň däne ekilen meýdanlarynyň her gektaryndan 23 sentner, gowaçanyň her gektaryndan 28 sentner hasyl alnyp, borçnamalar üstünlikli ýerine ýetirildi. Ýakynda hojalygyň ýolbaşçysy Saýlaw Ýusubow bilen ekin meýdanlarynda duşuşyp, onuň bilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hojalygyň zähmet adamlarynyň ekinlere ideg edişleri, göz öňünde tutýan sepgitleri dogrusynda söhbetdeş bolduk.