Söýgi, üns-alada islendik zada ösüş, gülleýiş bagyş edýär. Üns bilen gurşalan gülüň beýleki güllerden ösüş babatda-da, görklülik tarapdan-da tapawutlanýandygyny ylmy barlaglar arkaly alymlaryň subut edendikleri hiç kim üçin-de täzelik däldir. Bu pikiri dürli ugurlara berilýän üns babatda-da aýdyp bolar. Ine, ýurdumyzda soňky ýyllarda sporta berilýän ünsüň barha ýokarlanmagy netijesinde ýaşlarymyzyň dünýä derejesindäki ýaryşlarda gazanýan ajaýyp ýeňişleriniň sany barha artýar. Bu günki gün ýurdumyz sportuň gyşky görnüşleriniň hem mekanyna öwrülýär. Gahryman
Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary netijesinde sportuň hokkeý we figuralaýyn typmak görnüşleri ýaş türkmenistanlylaryň durmuşyna ymykly ornaşdy. 2017-nji ýylda ýurdumyzyň milli hokkeý ýygyndy topary Ýaponiýanyň Sapporo şäherinde geçirilen VIII gyşky Aziýa oýunlarynyň maksatnamasynyň çäklerindäki ikinji diwizionyň ýaryşynda altyn medaly gazandy. Şondan soňky ýyl Saraýewoda geçirilen saýlama ýaryşda ýeňiş gazanmagy bilen türkmen hokkeýçileri üçünji diwizionyň arasyndaky dünýä çempionatlaryna yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolup gelýärler. Şeýle üstünlikleri ýetginjek hokkeýçilerimiziň hem gazanýandygy ýurdumyzda sportuň bu görnüşiniň geljeginiň uludygyny görkezýär.