Ýaýlalaryň ýaraşygy

17 Aprel 2024
594

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek barada öňde goýýan wezipelerine mynasyp zähmet bilen jogap berýän welaýatymyzyň maldarçylyk hojalyklarynyň maldarlary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak baradaky meýilnamany abraý bilen ýerine ýetirdiler. Maldarlaryň bu zähmet üstünligi döwlet Baştutanymyzyň maldarçylyk pudagyny ösdürmek we bu ugurda tutanýerli zähmet çekýän oba adamlaryny maldarçylyk pudagyna höweslendirmek baradaky aladalarynyň oňat netijeleri berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Welaýatymyzyň maldarlarynyň gazanan zähmet üstünligine Gyzylarbat etrabynyň «Gyzylarbat» maldarçylyk hojalygynyň maldarlary saldamly goşant goşdular. Maldarçylyk hojalygynda dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak möwsümine irgözinden taýýarlyk görüldi. Öri meýdanlarynyň, guýularyň, çeşme-çaýlaryň ýagdaýy jikme-jik seljerildi. Ot-iým meselesi çözülip, mallaryň baş sanynyň artmagyna düýpli esas döredildi. Hojalykda bar bolan kaşarlardyr agyllarda ýeňil abatlaýyş işleri geçirildi. Öri meýdanlarynda çopan-çoluklaryň iş we durmuş şertleri bilen yzygiderli gyzyklanyp durulmagy mallaryň semizlik derejesini irgözinden kesgitlemäge, ot-iým üpjünçiligini kadalaşdyrmaga mümkinçilik berdi. Netijede, maldarçylyk hojalygynyň maldarlary 17 müň 621 ene goýundan 16 müň 615 sany owlak-guzy we 1 müň 195 düýeden 538 sany köşek almak barada meýilnamalary üstünlikli berjaý etdiler.  

Muhammet Gylyjow.