Andreý Sergeýewiç Makarow Russiýa Federassiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde doglan 60 ýaşly hokkeý hünärmeni, ozalky hokkeýçi, häzirki tälimçi. Onuň sport ýoly Kazanyň dünýä meşhur «Ak Bars», Sankt-Peterburgyň «SKA», «Zwezda», «Tan», Nižnekamsk şäheriniň «Neftehimik», Şwesiýanyň «Troýa-Ýungbo» we «Antýarn» toparlary bilen bagly.
2000-nji ýylda tälimçilige başlan Andreý Sergeýewiç 16 ýyllap «Ak Bars» toparynyň hokkeý mekdebinde işledi. Şondan soň Kazanyň «Bars» we «Irbis» toparlaryna tälim berdi.