Pagta süýüminiň esasy hil görkezijileri we olaryň kesgitlenilişi

9 Aprel 2024
804

Häzirki wagtda ýurdumyzyň sebitlerinde edermen pagtaçy daýhanlarymyz tarapyndan ösdürilip ýetişdirilýän gowaçalaryň hatar-hatar bolup, endigan gögerip çykmagy, ekin meýdanlaryna özboluşly gelşik berýär. Gowaçany, esasan, pagta süýümini almak üçin ösdürip ýetişdirýärler. Şonuň üçin pagta süýüminden dokalýan matalaryň hili hem süýümiň hiline bagly bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda dokma senagatynyň döwrebap ösmegi bilen pagta süýüminiň hiline bolan talaplar has-da artýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip beren ylmy-barlag Pagtaçylyk institutynda hem «Pagta süýüminiň hil tehnologiýasy» bölümi açyldy. Ol bölümde pagta süýüminiň berkligi, inçeligi, üzüliş uzynlygy ýaly süýümiň birnäçe hil görkezijileri kesgitlenýär.

Şemşat NURYÝEWA,
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň kiçi ylmy işgäri.