Mähriban halkymyzyň irki döwürlerden bäri ýöredip gelýän Aý-Gün senenamasyna laýyklykda, Nowruz döwri türkmen topragynda öz hökmüni ýöredip başlady. Şonuň üçin onuň özboluşly howa aýratynlyklary dogrusynda gürrüň bermegini haýyş edip, Marynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky medeniýet köşgüniň direktorynyň orunbasary, mirasgär Çerkez Allajykowa ýüz tutduk. Şonda ol Nowruz döwründe bolup biläýjek howa ýagdaýlary baradaky köp ýyllaryň dowamynda synçylyk esasynda toplan tejribesine we ylmy çaklamalara esaslanýan garaýyşlaryny şeýle beýan etdi:
— Türkmen halkynyň gadymy baýramlarynyň biri hasaplanylýan Nowruzyň mart aýynyň 20-sine gije sagat on ikiden soň, ýigrimi birinji marta geçilýän güni, gije-gündiziň ýazky deňleşýän wagtydygyny okyjylarymyzyň köpüsi bilýän bolsa gerek. Adamlar sowuk howaly gyşdan soň, ak öýleriň üstüne örtülen galyň ak keçeleri aýryp, ak ýa-da çal reňklerdäki keçe bilen öýlerini basyrypdyrlar. Bu yrym täze günde, täze ýaşaýyşda «Ak zat — alnyňa ýagşy» diýen hoşniýetli arzuwlardan ugur alnyp amala aşyrylypdyr. Şol gün adamlar daş-töwereklerini, mal ýataklaryny birkemsiz arassalapdyrlar.