«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen gowaça ekişi möwsümine guramaçylykly girişen welaýatymyzyň pagtaçy kärendeçileri ýadawsyz zähmet çekýärler. Başarjaň kärendeçi daýhanlaryň yhlasy bilen ene topraga tohum taşlanan meýdanlaryň gektar sany günsaýyn artýar. Häzirki gyzgalaňly günlerde Akdepe etrabynyň «Gyzyltakyr» daýhan birleşiginiň kärendeçileri hem bu babatdaky işlere saldamly goşant goşýarlar. Şu möwsümde daýhan birleşiginde 1360 gektar meýdana gowaça ekmek meýilleşdirilip, onuň guramaçylykly geçirilmegi üçin ähli zerur şertler döredildi. Daýhan birleşiginiň başlygy Baky Babaýewiň gürrüň bermegine görä, Ýarykbaý Allabaýewiň, Gülşen Paltaýewiň ýolbaşçylyk edýän toparlary gowaça ekişinde has-da tapawutlanýarlar. Toparlaryň kärendeçileri agrotehniki talaplara laýyklykda nusgalyk işleri alyp barýarlar.
Ekişi ýokary depginde geçirmekde oba hojalyk tehnikalarynyň öňdengörüjilikli işledilmeginiň ähmiýetini aýratyn bellemek möhümdir. Bu babatda mehanizatorlar Arslan Hudaýbergenow, Serdar Gurbanow dagynyň yhlasly zähmeti muňa oňat şert döredýär.