«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň gowaça ekişini, şonuň ýaly-da atyz-meýdanlardaky bugdaýa ideg çärelerini ýokary depginlerde alyp barmak şu günleriň esasy wezipesi bolup durýar. Şundan ugur almak, bilen welaýatymyzyň pagtaçy, gallaçy daýhanlary bu ugurlardaky iş-aladalary giň gerim bilen ýaýbaňlandyrýarlar. Munuň özi bereketli hasylyň kemala getirilmeginiň esasy şertidir.
Şeýle jogapkärli döwürde Görogly etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginiň kärendeçi daýhanlarynyň alyp barýan işleriniň mysalynda hem munuň şeýledigine aýdyň göz ýetirmek bolýar. Olaryň agzybirlikli, yhlasly zähmetleriniň netijesinde gazanylýan öňegidişlikler hormatly Prezidentimiziň: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir gününiň, aýynyň hem-de ýylynyň bagtyýarlyga, rysgal-berekede, rowaçlyklara, beýik ýeňişlere, üstünliklere beslenmegine, ata Watanymyzyň mähriban halkymyzyň abraý-mertebesiniň, şan-şöhratynyň dünýä dolmagyna mynasyp goşant goşmak biziň her birimiz üçin uly mertebedir» diýen sözlerine iş bilen jogap berýändiklerini subut edýär.