Bereket çeşmesi
Ýaz paslynyň öz hökümini ýöredip başlamagy bilen oba hojalyk pudagynda zähmet çekýän adamlaryň, maldarlaryň, şol sanda türkmen ýüpekçileriniň hem hysyrdyly iş-aladalary artýar. Irgözinden, ýagny, ýazyň ilkinji günlerinden başlap, gurçuk idediljek ýerlerde taýýarlyk işleri giň gerimde alnyp barylýar.