Ministrler Kabinetiniň mejlisi

1 Aprel 2024
206

Bedew batly öňe barýan ýurdumyzyň her bir güni şatlykly wakalara, zähmet üstünliklerine beslenýär. Munuň şeýledigini 29-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda habar berlen maglumatlar doly tassyklaýar.

Mejlisiň başynda Döwlet Baştutanymyz hemişe bolşy ýaly, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň mukaddes Gadyr gijesiniň öň ýanynda günäsiniň geçilýändigi baradaky hoş habary aýtdy.

«Watan».