Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Halkyň saglygy, abadan bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir» diýip, aýratyn nygtaýşy ýaly, eziz Diýarymyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, jemgyýetimizde bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
Ýurdumyzda her ýyl giňden bellenilip geçilýän Bütindünýä saglyk güni sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän ähli adamlaryň baýramydyr. Ol her ýylyň 7- nji aprelinde bellenilýär.