Ýurdumyzda sport we ýaşlar syýasaty dabaralanýar

22 Mart 2024
635

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Diýarymyz sagdynlygyň we ösen sportuň ýurdy hökmünde tanalýar. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde gurlup, ulanylmaga berlen sport toplumlarynda ildeşlerimiz sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýarlar. Bu gün jemgyýetçilik guramalary tarapyndan geçirilýän wagyz-nesihat duşuşyklarynda sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegiň hem-de sport bilen meşgullanmagyň ähmiýeti barada giňişleýin düşündirilýär. Şeýle duşuşyklar ýaş nesliň beden we ruhy taýdan kämil ynsanlar bolup ýetişmeklerine ýardam edýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilen we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän sport hem-de ýaşlar syýasaty ajaýyp netijelerini berýär. Türkmen türgenleri halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, Watanymyzyň sport abraýyny belen-de galdyrýarlar. Ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri bilen köpçülikleýin meşgullanmaklary bolsa ýurdumyzda sport we ýaşlar syýasatynyň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrülýär. Sporty, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sagdyn durmuş ýörelgesini, milliligi, däp-dessurlarymyzy wagyz etmekde geçirilýän çäreleriň oňyn netije berýändigi buýsandyryjy ýagdaýdyr.

Babahan SAPAROW
Çärjew etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň 1-nji sport mekdebiniň tälimçisi