Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara bildirýän belent ynamy, döredýän giň mümkinçilikleri ýaş nesli nurana geljegiň bähbidine döredijilikli zähmet çekmäge, döwrebap bilim almaga, ylym, döredijilik we sport bilen meşgullanyp, uly üstünlikleri gazanmaga ruhlandyrýar. Türkmen ýaşlary bu gün halkara sport ýaryşlarynda, ylym-bilim bäsleşiklerinde, forumlarda ýurdumyza mynasyp wekilçilik edip, Watanymyzyň abraýyny artdyrmaga goşant goşýarlar.
Ýurdumyzda ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmegi, ählitaraplaýyn kämilleşmegi üçin giň şertler döredilýär, ýaş nesliň watançylyk ruhunda terbiýelenmegine aýratyn üns berilýär. Täze taryhy eýýamda jemgyýetiň esasy daýanjy bolan ýaşlaryň dürli ugurlarda gazanýan üstünlikleri ata Watanymyzyň gülläp ösmegine itergi berýär. Ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde geçirilip, 200-e golaý döwletden ýaşlaryň müňlerçesini bir ýere jemlän Ýaşlaryň bütindünýä festiwaly hem türkmen ýaşlaryna işewürlik, habar beriş serişdeleri, medeniýet, ylym-bilim, sport, meýletinçilik ýaly ugurlarda daşary ýurtly deň-duşlary bilen tejribe alyşmaga ajaýyp mümkinçilik boldy.