Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Diýarymyz sagdynlygyň we ösen sportuň ýurdy hökmünde tanalýar. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde gurlup, ulanylmaga berlen sport toplumlarynda ildeşlerimiz sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýarlar.
Bu gün jemgyýetçilik guramalary tarapyndan geçirilýän wagyz-nesihat duşuşyklarynda sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegiň hem-de sport bilen meşgullanmagyň ähmiýeti barada giňişleýin düşündirilýär. Şeýle duşuşyklar ýaş nesliň beden we ruhy taýdan kämil ynsanlar bolup ýetişmeklerine ýardam edýär. Pursatdan peýdalanyp, ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi, köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi, Türkmenistanyň sport ýurdy hökmündäki abraýynyň artmagy ugrunda uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.