Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, etrabymyzyň orta mekdeplerinde hem ýaş nesli sporta giňden çekmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek maksady bilen duşuşyklar geçirilýär. Jemgyýetçilik guramalarynyň etrabyň bedenterbiýe we sport, şeýle-de, bilim bölümleri bilen bilelikde guramagynda geçirilýän duşuşyklara mekdepleriň ýokary synp okuwçylarydyr ýaş türgenler gatnaşýarlar. Wagyz-nesihat duşuşyklarynda berkarar Watanymyzda köpçülikleýin bedenterbiýä we sport-sagaldyş hereketlerine berilýän üns, döwrebap sport mekdepleridir desgalarynda bu ugurda döredilen mümkinçilikler, sport bilen meşgullanmagyň peýdasy barada täsirli gürrüňler edilýär. Şeýle sport mekdeplerinde kämillik ýoluny nazarlaýan türgenleriň arasynda biziň zähmet çekýän orta mekdebimiziň okuwçylarynyň bolmagy bolsa bizi has-da buýsandyrýar.
Geçirilýän wagyz-ündew çärelerinde halkymyzyň sagdyn, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň hemişe rowaç bolmagy arzuw edilýär.