Kiçi futbol ýaryşynyň ýeňijileri

15 Mart 2024
657

Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebinde «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII spartakiadanyň çäginde kiçi futbol ýaryşynyň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa etrap tapgyrlarynda öňe saýlanan toparlar gatnaşyp, öz aralarynda güýç synanyşdylar.

“Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, welaýat Baş bilim müdirliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçen ýaryşyň aýgytlaýjy final duşuşygy Ak bugdaý we Sarahs etraplarynyň toparlarynyň arasynda boldy. Final oýnunyň netijesinde garşydaş toparyndan üstün çykan Ak bugdaý etrabynyň mekdep okuwçylary birinji orny eýelediler. Üçünji orun ugrundaky duşuşykda Gökdepe etrabynyň topary garşydaşyny ýeňlişe sezewar edip, baýrakly ornuň eýesi boldy.

Ogulbäbek MYRATNAZAROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.