Gyzykly geçen sport ýaryşy

11 Mart 2024
734

Ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Köýtendag etrap birleşmesiniň guramagynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmek baradaky alyp barýan syýasatyny durmuşa ornaşdyrmak, ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmak maksady bilen, etrap birinjiligi boýunça ýaryş geçirildi. Köýtendag şäherindäki 1-nji sport mekdebinde sportuň dzýudo görnüşi boýunça geçirilen bu ýaryşa 2007 ― 2009-njy ýyllarda doglan oglanlar gatnaşdy.

Ruhubelentlikde geçen ýaryşyň netijeleri boýunça Pälwan Jumankulow, Gaýrat Ýoldaşow, Nazar Batyrow, Serdar Ylýasow, Arslan Rüstemow, Batyr Kamaliddinow ýeňiji boldular. Olara ýadygärlik sowgatlary gowşuruldy. Ýaryşa gatnaşanlar ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşy, röwşen geljegi üçin taýsyz tagallalary edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Akmuhammet KURBANOW,
TKA-nyň Köýtendag etrap birleşmesiniň başlygy.