Ermenistandaky dabara

26 Fewral 2024
608

20-nji fewralda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýerewan döwlet uniwersitetinde «Magtymgulynyň filosofik mirasy — Türkmenistanyň daşary syýasat doktrinasynyň esasy» ady bilen umumy okuw sapagyny geçirdi.

Türkmen diplomatynyň «Magtymgulynyň filosofik mirasy — Türkmenistanyň daşary syýasat doktrinasynyň esasy» ady bilen geçiren umumy sapagyna Ýerewan döwlet uniwersitetiniň Gündogary öwreniş fakultetiniň talyplary gatnaşdy. Beýik akyldaryň 300 ýyllyk ýubileý senesine hem-de 2024-nji ýylyň ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanan bu sapak Bitarap Türkmenistanyň häzirki daşary syýasat konsepsiýasynda görnükli şahyryň üç asyr mundan ozal wagyz eden ynsanperwer ideýalarynyň öz beýanyny tapýandygyna anyk maglumatlar arkaly göz ýetirmäge mümkinçilik berdi.

«Watan».