Astanada geçirilen duşuşyk

26 Fewral 2024
894

Golaýda Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet we maglumatlar ministrliginiň Golýazmalar we seýrek kitaplar milli merkezinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýine bagyşlanylyp döredijilik duşuşygy geçirildi. Görnükli türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanylan duşuşyk şol ýurduň Golýazmalar we seýrek kitaplar milli merkezi bilen Türkmenistanyň dostlukly ýurtdaky ilçihanasy tarapyndan bilelikde guraldy. Duşuşyga Astanada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, ylmy we döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, türkmen talyplary, söz ussadynyň döredijiliginiň muşdaklary we žurnalistler gatnaşdy.

Duşuşykda Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň geňeşçisi B.Omarow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri Ý.Lallakow, O.Ozganbaýuly, A.Şarip, S.Negimow ýaly köp ýyllaryň dowamynda akyldaryň edebi mirasyny öwrenip gelýän alym-akademikler we beýlekiler çykyş etdiler. Çykyşlarda öz halkyny agzybirlige, jebislige, berkarar döwlet gurmaga çagyran beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň şanyna guralan duşuşygyň ähmiýetine ýokary baha berdiler. Şeýle hem 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi onuň baý döredijiligini içgin öwrenmek boýunça hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltmäge ýardam edýändigini, bu ugurda bilelikdäki ylmy-barlag işlerini mundan beýläk-de dowam etdirmegiň zerurdygyny biragyzdan bellediler.

«Watan».