Türkmenistanyň daşary syýasaty we hoşniýetli diplomatiýasy

25 Fewral 2024
630

Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň parahatçylyk hem-de ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty we diplomatiýasy uzakmöhletleýin milli maksatnamalarymyzy amala aşyrmak üçin halkara giňişlikde zerur bolan ähmiýetli mümkinçilikleriň döredilmegine gönükdirilendir. Bu babatda döwletara we hökümetara derejelerde syýasy diplomatik, halkara hukuk hem-de söwda-ykdysady geňeşmeleriň netijeli gurallaryny işe girizmekde ýurdumyzyň diplomatik gullugyna uly talap bildirilýär.

Diplomatiýa döwletiň daşary syýasatyny amala aşyrmagyň guraly hem-de harby däl çäreleriň, usullaryň toplumyny öz içine almak bilen, anyk ýagdaýlara laýyk ulanylýar. Has giň manyda alnanda, diplomatiýa — döwletiň daşary syýasatyny parahatçylykly we gepleşikler ýoly bilen amala aşyrmagyň resmi görnüşi. Diplomatiýa bolsa döwletiň daşary syýasatynyň amala aşyrylyşynyň syýasy we resmi usuly guralydyr. Onuň esasy mazmuny döwletara we beýleki halkara derejelerinde deňhukukly hem-de birek-birege hormat goýmak esasynda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmaga, saklamaklyga, ösdürmeklige gönükdirilendir. Diplomatik ýol bilen alnyp barylýan gatnaşyklar resmi görnüşde halkara-hukuk taýdan we umumy ykrar edilen diplomatik däp-dessurlar arkaly kadalaşdyrylýar.

Dürli BALLYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy.