Öňňin Özbegistan Respublikasynyň Mirzo Ulugbek adyndaky milli uniwersitetinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa ýurduň Ýazyjylar birleşmesiniň, käbir ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, türkmen talyplary işjeň gatnaşdylar.
Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ş.Meredowyň, ýurtda hereket edýän Türkmen medeniýet merkeziniň başlygy G.Awezdurdyýewanyň, Mirzo Ulugbek adyndaky milli uniwersitetiniň rektory I.Majidowyň, Alyşir Nowaýy adyndaky Daşkent döwlet özbek dili we edebiýaty uniwersitetiniň professory, filologiýa ylymlarynyň doktory B.Karimowyň, Özbegistanyň Ýazyjylar birleşiginiň başlygy S.Saidowyň hem-de türkmen talyplarynyň çykyşlaryna giň orun berildi.