Sagdynlyk ruhubelentik

21 Fewral 2024
669

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyz saglygy goraýyşda we ýokanç keselleriniň öňüni almakda uly ösüşlere eýe boldy. Saglyk adamyň ýaşaýşynyň esasy özeni bolup durýar. Adamyň ýaşamagy üçin howanyň, suwuň, iýmitiň zerur bolşy ýaly, sagdyn ruhy gurşaw hem şahsyýetiň kemala gelmeginde iň zerur zatlaryň biridir. Ýurdumyzyň her bir raýatynyň saglyk babatda bilimini we medeniýetini ýokarlandyrmak, ilatyň sagdyn iýmitlenmegini gazanmak, keselleriň öňüni almak, zyýanly endiklerden daşda durmagy ündemek, ene süýdüniň ähmiýetini, sagdyn durmuşda ýaşamagyň ýollaryny wagyz etmek, ilatymyzyň bu meseleler barada düşünjesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler häzirki wagtda özüniň oňyn netijelerini berýär.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde, berkarar döwletimizde keselleriň öňüni alyş we bejeriş işlerini ösdürmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, beden we ruhy taýdan kämil ýaş nesli terbiýelemek boýunça toplumlaýyn çäreler üstünlikli amala aşyrylýar. Ýylyň her bir paslynyň öz aýratynlygy bolýar, munuň özi hem adam saglygyna uly täsir edýär. Daşky gurşawyň üýtgäp durýan şertlerinde adam bedeninde dem alşyň, ýürek urgularynyň, arterial gan basyşynyň üýtgemegi bolup durýar. Bu gartaşan adamlara, dowamly kesellerden, ýürek-damar, nerw kesellerinden ejir çekýänlere ýaramaz täsir edýär. Adamlarda gowşaklyk, ysgynsyzlyk, gan basyşynyň peselmegi ýa-da ýokarlanmagy, ukusyzlyk, göwnüçökgünlik ýaly alamatlary ýüze çykaryp biler. Sagdyn durmuş ýörelgesini ýola goýmagyň esasy ugurlarynyň biri — arassa howada gezelenç etmek. Howa adamyň bedenindäki maddalaryň alyş-çalşygyna, endamyň hereketine täsir edýär.

Jemile ŞADYÝEWA,
Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Inçekeseli bejeriş-öňüni alyş merkeziniň ftiziatr lukmany.