Türkmen tebigaty – ajaýyplygyň hem-de gözelligiň mekany

16 Fewral 2024
1338

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda daşky gurşawy goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlendi, sebäbi ýurdumyzda ilatyň durmuş abadançylygy ekologiýa abadançylygy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ekologiýa abadançylygy halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň esasy şerti bolup çykyş edýär. Şu nukdaýnazardan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Watanymyzda daşky gurşawy goramaga, ony has-da baýlaşdyrmaga, gözelleşdirmäge möhüm ähmiýet berilýär, şunuň bilen baglanyşykly giň gerimli işler amala aşyrylýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen tebigatyny, onuň gözelligini, ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, baýlaşdyrmak, geljekki nesillere miras goýmak barada yzygiderli alada edýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan bag ekmek dabaralary uly ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynyň esasynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmäge, raýatlarymyz üçin amatly howa gurşawyny döretmäge gönükdirilen wezipeler üstünlikli çözülýär. Ozaly bilen, ol ekologiýa abadançylygy, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmek nukdaýnazaryndan örän ähmiýetlidir. Ilatly ýerleriň töwereginde täze tokaý zolaklarynyň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Daşky gurşawy gorap saklamak ugrunda ata-babalarymyzdan gelýän milli däp-dessurlar bu günki gün has-da kämilleşdirilýär, her ýylda ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilmegi ýurdumyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegine itergi berýär.

Miýesser ROZYÝEWA
Çärjew etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň mugallymy