Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 9-njy fewralynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde: «Türkmenistan energetika we energiýa howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamy, ekologiýany, daşky gurşawy goramak, suw serişdeleri, azyk howpsuzlygy ýaly ugurlar boýunça dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk edýär» diýip nygtamak bilen, bu ugurdaky işlerde ösüşlerimiziň täze sepgitlerini nazarlaýan wezipeleri kesgitledi.
Milli ösüş maksatnamalarynyň guramaçylykly durmuşa geçirilmegi, BMG-niň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibine hem-de howanyň üýtgemegi baradaky strategiýalaryna doly kybap gelýär. Türkmenistan döwletimiz uglewodorodyň uly gorlaryna eýe bolan, şol sanda pes uglerodly energiýa çeşmesi hasaplanylýan tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär. Uglewodorod serişdelerini gazyp almak, gaýtadan işlemek, içerki zerurlygy üpjün etmek bilen olaryň önümçiligini diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly dünýä bazaryna çykarmak bilen, bagly işler netijeli alnyp barylýar.