Milli medeniýetiň, sungatyň ýeten derejesi halkyň özboluşlylygyny şöhratlandyrýar. Bu gün medeniýet we sungat mähriban Watanymyzyň keşbini, halkymyzyň baý milli ýörelgeleriniň galkynyşyny çeper wasp edýär. Aslynda, aýdym-saz, tans, folklor sungaty ynsan pikirine, duýgusyna täsir edip, milletiň ruhy dünýäsi baradaky garaýşyny çuňlaşdyrýar. Häzirki zaman alymlary adamda aň bilen bagly başarnyklary hem öwrenmek ukyplylygyny artdyrmakda, ösdürmekde iň täsirli närsäniň sazdygyny aýdýarlar.
Aýdym-saz ynsanlara ruhy güýç berýär, kalbyňy rahatlandyryp, täze döredijilige, işe ylhamlandyrýar. Islendik aýdym-sazyň ynsan saglygyna oňyn täsiriniň bardygy gadym döwürlerden bäri belli bolupdyr. Saz adamyň dem alşyna, ýürek urşuna, işjeňligine, joşgunly bolmagyna täsir edýär.