Ysgynsyzlyk nämäniň alamaty?

10 Fewral 2024
1091

Şeýle ýagdaý uly ýaşly adamlaryň arasynda tanyşdyr: el-aýaklaryň güýji birdenkä ýa-da kem-kemden gowşaýar. Aýaklar «gurşun guýlan» ýaly agralýar. Eller hatda käsäni tutmaga-da ysgynsyz bolýar. Bu ýagdaý myşsalaryň gowşandygyny duýdurýar.

Ilki bilen myşsa gowşaklygynyň islendik bir adamda duş gelip bilýändigini aýtmaly. Sagdyn adamda bu alamatyň ýüze çykmagyna kaliý mikroelementiniň ýetmezçiligi sebäp bolup bilýär. Bu ýagdaýda myşsa gowşaklygy arterial gan basyşynyň peselmegi, ýürek ritminiň bozulmagy bilen utgaşýar. Myşsalaryň gowşaklygy içegäniň tolkun görnüşli ýygrylmasy (peristaltika) bökdelmegine getirýär. Munuň netijesinde ýürek bulanma, iç gatama ýüze çykýar. Peşewhaltanyň diwarjyklarynyň tonusynyň peselmegi mümkin.

Nurýagdy GYLYJOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň gospital hirurgiýasy kafedrasynyň öwreniji mugallymy.