Saglygymyz özümize bagly

10 Fewral 2024
648

Ýokanç däl keselleriň öňüni almak, olara garşy göreşmek, raýatlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek we adamlaryň ömür dowamlylygyny uzaltmak maksady bilen, ýurdumyzda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa hereket edýär. Onuň esasy maksady we wezipeleri ýokanç däl keselleriň öňüni almakdan, olaryň garşysyna göreşmekden, ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmekden, raýatlaryň bu ugurdaky habarlylygyny ýokarlandyrmakdan, näsaglary ýokary hilli derman hem-de beýleki lukmançylyk serişdeleri bilen üpjün etmekden ybaratdyr. Oňa laýyklykda, raýatlara ýokanç däl keselleriň öňüni almak üçin deň mümkinçilikler we şertler döredilýär, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýänleriň sany has-da artýar. Bu bolsa zyýanly endikler sebäpli döreýän ýokanç däl keselleriň azalmagyna getirer. Şeýle hem amaly lukmançylyga netijeli öňüni alyş, anyklaýyş, bejeriş we dikeldiş çäreleriniň ornaşdyrylmagy netijesinde, adam ömrüniň dowamlylygyny ýokarlandyrmakda degişli strategiýanyň ähmiýeti uludyr.

Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Olary azaltmagyň wajyp usullarynyň biri bu keseller bilen baglanyşykly bolan howply ýagdaýlary kemeltmäge tagallalary gönükdirmek bolup durýar. Ilkinji nobatda, bu temmäkä garşy göreşmek, sagdyn iýmitlenmegi hem-de ýeterlik derejede beden taýdan işjeňligi wagyz etmek arkaly gazanylýar. Şeýle-de keselleri irki döwründe ýüze çykarmak we öz wagtynda bejermek, munuň üçin gözegçilik ulgamyny kemala getirmek bu ugurda möhüm işleriň hatarynda orun alýar. Ol işler ilkinji lukmançylyk kömegini bermegiň çäklerinde geçirilip bilner.

Selbinyýaz BAÝRAMOWA,
Aşgabat şäherindäki 13-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany.