Hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlylyk

7 Fewral 2024
992

Ýangyç-energetika pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Türkmenistan uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolup, olary gözlemek, özleşdirmek we çykarmak boýunça dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek ugrunda işjeň çykyş edýär. Şolaryň hatarynda işine ýokary tehnologiýalary, häzirki döwrüň ekologik talaplaryna laýyklykda, iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary işjeň ornaşdyrýan, özüni jogapkärli we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezen «Dragon Oil» kompaniýasy hem bar. Öňňin — 5-nji fewralda «Türkmennebit» döwlet konserniniň ýolbaşçylarynyň we Aşgabada iş sapary bilen gelen BAE-niň «Dragon Oil» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al Jarwanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda geçirilen duşuşyk hem ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagynda bu abraýly düzüm bilen köpýyllyk gatnaşyklary işjeň ösdürmäge uly ähmiýet berýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy.

Nebitiň we tebigy gazyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberini artdyrmak, türkmen energiýa serişdeleriniň, taýýar nebit, gazhimiýa önümleriniň eksportyny ýokarlandyrmak milli ykdysadyýetimiziň bu binýatlyk pudagynyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipelerdir. Şu maksatlar Türkmenistanyň durmuşa geçirýän energetika syýasatynyň esasyny düzýär. BAE-niň «Dragon Oil» kompaniýasynyň wekilleri bilen paýtagtymyzda geçirilen duşuşyk şol wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde nobatdaky möhüm ädim boldy.

(Ýörite habarçymyz).