Dost-doganlygyň döredijilik ruhy

6 Fewral 2024
609

Düýn Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda beýik şahyr Alyşir Nowaýynyň doglan gününiň 583 ýyllygyna we görnükli özbek şahyry Zahyreddin Muhammet Babyryň 541 ýyllygyna bagyşlanan brifing geçirildi. Oňa ilçihananyň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Brifingiň başynda Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Akmaljon Kuçkarow çykyş edip, soňky ýyllarda türkmen-özbek dost-doganlyk gatnaşyklarynyň işjeň ösdürilýändigini belledi. Şeýle-de doganlyk ýurtlaryň arasyndaky syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklaryň täze gözýetimleri nazarlaýandygy barada nygtaldy.

Batyr KULIÝEW.
«Türkmenistan».