Şu gün, ýagny 5-nji fewralda Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynda özbek halkynyň şöhratly ogly Alyşer Nowaýynyň doglan gününiň 583 ýyllygy mynasybetli metbugat maslahaty geçirildi. Munuň özi türkmen-özbek dostlugynyň müňýyllyklardan gözbaş alýandygyny ýene-de bir ýola subut etdi. Bizi gadymy köklerimiz, dilimiz, dinimiz, medeniýetimiz, däp-dessurlarymyz birleşdirýär. Özbek doganlarymyz bilen özara gatnaşyklarymyz ýyllaryň geçmegi bilen barha berkeýär, has giň hem çuň mazmuna eýe bolýar. Özbek, türkmen halky bilelikde toý-baýram belleýär, halkara derejede iri forumlary, maslahatlary, dostluk festiwallaryny geçirýär.
Daşkent şäherindäki “Aşgabat” seýilgähi, Aşgabat şäherindäki “Daşkent” medeni-dynç alyş seýilgähi doganlyk ýurtlaryň özara gatnaşyklarynyň has-da berkemegine ýardam berýär. Türkmenabat şäherinde Özbegistanyň ilkinji Prezidenti Islam Karimowyň ýadygärligi dikeldildi. “Ylham” seýilgähinde, Alyşer Nowaýy şaýolunyň ugrunda beýik şahsyýetiň heýkeli oturdyldy.