Ynsanperwerlik, kyn güne düşene kömek goluny uzatmak halkymyza pederlerimizden miras galan asylly ýörelgelerdir. Biz muňa ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam etdirilýän ynsanperwer syýasatyň mysalynda telim ýola göz ýetirdik. Türkmenistan ynsanperwerlige ýugrulan işleri amal etmegi döwlet syýasaty derejesine çykaryp, ýakyn-u-alys ýurtlarda bolup geçýän tebigy hadysalarda, adatdan daşary ýagdaýlarda ilkinjileriň hatarynda kömek goluny uzadýar. Hormatly Prezidentimiziň Gyrgyz Respublikasynyň energetika ulgamynda ýüze çykan ýagdaýlary nazara alyp, türkmen halkynyň adyndan gyrgyz halkyna ynsanperwerlik kömegini ibermek maksady bilen gol çeken Buýrugy hem bu aýdylanlaryň anyk güwäsidir.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gol çeken resminamasyna laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konserni 2 müň tonna möçberdäki suwuklandyrylan gazy dost-doganlyk kömegi hökmünde Gyrgyz Respublikasyna muzdsuz ibermäge borçly edildi. 3-nji fewralda bolsa Türkmenabadyň demir ýol menzilinde ynsanperwerlik ýüki goňşy döwlete ugradyldy. 54 sany çelegiň sanlyja günlerden iberilen ýerine baryp gowşup, gyşyň sowuk howaly günlerinde dostlukly halkyň zerurlyk çekýän ojaklaryny ýylatjakdygy hakda oýlananyňda, döwletimiziň ynsanperwer syýasatynyň, amal edýän ýagşy işleriniň haýyr-sogaby barada pikir edýärsiň.