Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde geçirilýän Ýewropa Bileleşiginiň “Global Gateway” başlangyjynyň Maýadarlar forumynyň çäginde duşenbe güni birnäçe duşuşyklary geçirdi. Bu barada “Biznes Türkmenistan” internet neşiriniň foruma gatnaşýan wekilleri habar berdiler.
Türkmen wekiliýeti Ýewropa Bileleşiginiň ulag boýunça komissary Adina Welean, Ýewropa maýa goýum bankynyň wise-prezidenti Tereza Çerwinskaýa, Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Bakyt Torobaýew, Latwiýa Respublikasynyň ulag ministri Kaspars Brişkens, ÝHHG-nyň ykdysady we daşky gurşaw işleri boýunça utgaşdyryjy býurosynyň orunbasary Ralf Ernst, “Royal IHC” kompaniýasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça satuw müdiri Hans Hesen, OPEC gaznasynyň Merkezi Aziýa we Gündogar Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika (MENA) boýunça sebitleýin direktory Musab Alomar we “Arterail” kompaniýasynyň wekilleri bilen aýratynlykda duşuşdy.