Aşgabat, 30-njy ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda Türkmen-german deňeşdirme-hukuk öwreniş maglumat merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi. Çärä Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) “Merkezi Aziýada hukuk döwlet gurluşyna ýardam bermek” atly sebitleýin maksatnamasynyň, şeýle hem ýurdumyzyň degişli edaralarynyň wekilleri, agzalan institutyň ylmy işgärleri gatnaşdylar.
Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Bitarap Watanymyz dünýäniň ähli döwletleri bilen giň gerimli, netijeli hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Türkmenistanyň öňden gelýän we esasy hyzmatdaşlarynyň biri hem Germaniýa Federatiw Respublikasydyr. Iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklar dostlukly, yzygiderli häsiýete eýedir. Däp bolan döwletara dialog okgunly ösüşe eýe bolup, dürli ugurlary, şol sanda hukuk ulgamyny hem öz içine alýar. Ýurdumyzda bu ulgamda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmelerde öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek we iş ýüzünde peýdalanmak, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny milli kanun çykaryjylyk işine ornaşdyrmak möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi köpýyllyk netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak babatda amatly mümkinçilikleri açýar.