Şu günler Russiýa Federasiýasynyň «Rossiýskiýe železnyýe dorogi» (RŽD) açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktorynyň orunbasary S.Pawlowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyzda saparda bolýar. Onuň çäklerinde Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda demir ýol ulaglary pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri we bu ugurdaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň geljekki ugurlary, öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşylýar.
Saparyň çäklerinde “Rossiýskiýe železnyýe dorogi” açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktorynyň orunbasary S.Pawlowyň “Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygy A.Atamyradow bilen geçiren duşuşygynda myhman ýurdumyzyň ulag-logistika düzüminiň ösüş tapgyrlary, üstaşyr ulag geçelgeleriniň ýagdaýy, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin bar bolan mümkinçilikler bilen tanyşdyryldy. Wekiliýetiň ýolbaşçysy Türkmenistanda halkara ähmiýetli ulag ýollaryny peýdalanmak boýunça döredilen şertleriň derejesine ýokary baha berip, munuň halkara gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm şertini emele getirýändigini nygtady.