Düýn, ýagny 12-nji dekabrda berkarar döwletimizde Halkara Bitaraplyk güni şatlyk-şowhuna beslenip, uludan bellenip geçildi. Baýramçylyk mynasybetli gözel paýtagtymyz Aşgabatda, «akylly» şäher Arkadagda, ähli welaýatlarymyzda sungat ussatlarynyň konsertleri guralyp, ýurdumyzyň asuda asmanyny aýdym-sazyň ýakymly owazy gurşady.
Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi hem-de BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň mejlisinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin agzalygyna saýlanandygy baradaky hoş habarlaryň ýurdumyza gelip gowuşmagy watandaşlarymyzyň baýramçylyk ruhuny has-da belende göterdi.