1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý mejlisinde guramanyň şol wagtky agza ýurtlarynyň 185-siniň biragyzdan ykrar etmeginde hemişelik bitaraplyk derejesiniň berilmegi we onuň taryhy Kararnama bilen berkidilmegi ýurdumyzyň daşary syýasatynda gazanan iň uly üstünlikleriniň biri boldy. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» barada Kararnamanyň gaýtadan kabul edilmegi Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň parahatçylyk dörediji ýurt hökmünde dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolany bäri Türkmenistana parahatçylygyň goragynda durýan, zemin asudalygynyň bähbidine ylalaşyklaryň gazanylýan ýurdy hökmünde garalýar.
Mundan 28 ýyl ozal ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagy türkmen döwletiniň häzirki zaman ösüşiniň esaslaryny goýdy. Türkmenistanyň Bitaraplygy — munuň özi hoşniýetli gatnaşyklary ýol-ýörelge edinýän şu günümizdir we ösüşli geljegimizdir. Onda halkara gatnaşyklary ösdürmegiň syýasy, ykdysady, taryhy, medeni ugurlaryny öz içine alýan döredijilik başlangyçlar jemlenýär.