Bagtyýarlygyň berk binýady

8 Dekabr 2023
1227

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli alnyp barylýan parahatsöýüjilikli daşary syýasatyň netijesinde, ýurdumyz halkara gatnaşyklary ulgamynda täze sepgitlere ýetýär. Hormatly Prezidentimiziň adamzadyň durnukly ösüşine gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary rowaç alýar.

Gahryman Arkadagymyz «Bitarap Türkmenistan» atly eserinde: «Türkmenistanyň Bitaraplygy — bu biziň mizemez gymmatlygymyzdyr, durmuşymyzyň aýrylmaz bölegidir, biziň baş maksadymyzdyr. Bitaraplyk türkmen halkyna parahat, asuda, bolelin we gülleýän durmuşy berdi» diýip belleýär. Milli Liderimiziň tagallalary esasynda türkmen Bitaraplygy umumadamzat gymmatlyklaryny nazarlaýan taglymat hökmünde ykrar edildi. Indi birnäçe ýyl bäri Bitaraplyk güni diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä giňişliginde hem giňden bellenilýär.

Gurbannazar ATAÝEW,
Aşgabat şäher halk maslahatynyň başlygy, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy.