Mizemez gymmatlygymyz

8 Dekabr 2023
1188

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy mizemez gymmatlygymyzdyr. Bitaraplyk türkmen halkyna parahat, asuda, bolelin, gülleýän durmuşy berdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýädäki at-abraýynyň, şan-şöhratynyň barha beýgelýän eýýamynda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly başlangyçlary bilen amala aşyrylýan beýik işler halkymyzyň eşretli durmuşynyň binýadyny berkidýär.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamany kabul etdi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda türkmen halky ýene-de bir hoş habara şaýat boldy. Şol gün BMG-niň Baş Assambleýasy «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamany gaýtadan kabul etdi. Türkmen döwletiniň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlar tarapyndan iki gezek ykrar edilmegi döwletimiziň dünýäniň ähli ýurtlary bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy ösdürmeginiň, dünýäde ählumumy howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň, asudalygyň we parahatçylygyň, dost-doganlygyň dabaralanmagyna goşýan goşandynyň netijesidir. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda her ýylyň 12-nji dekabryny «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek baradaky Kararnama biragyzdan kabul edildi. Munuň özi Türkmenistanyň dünýä derejesinde abraýynyň gün-günden artýandygyny, dünýä giňişliginde howpsuzlygy, parahatçylygy, durnukly ösüşi pugtalandyrýandygyny äşgär edýär.

Soltanmyrat ÝAZMYRADOW,
TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy.