Abadançylyk we parahatçylyk

27 Noýabr 2023
1022

Täze taryhy eýýamda eziz Watanymyz saýlap alan döredijilikli daşary syýasy ugry bilen ýagty geljege barýar. Türkmenistan Aziýa-Ýuwaş umman sebiti, Orta we Ýakyn Gündogar, Ýewropa we Amerika ýurtlary, Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara we sebit guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy barha ösdürýär.

Türkmenistan taryh üçin gysga döwrüň içinde dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna dostluk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy ýola goýmakda, halkara bileleşigiň tagallalaryny utgaşdyrmakda gymmatly tejribe toplady. Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesi Milletler Bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edilip, 12-nji dekabr Halkara Bitaraplyk güni hökmünde giňden bellenilýär. Garaşsyz döwletimiziň halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, ekologiýa abadançylygyny goramak, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, halkara ulag geçelgelerini döretmek ugrundaky başlangyçlary dünýäde giň goldaw tapýar.

Allanazar MÜŇBAÝEW,
TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň başlygy.