Umumadamzat bähbitli tagallalar

24 Noýabr 2023
1104

Dünýä tejribesiniň görkezişi ýaly, islendik döwletiň ykdysadyýetiniň geljekki ösüşleriniň özeni sebit we halkara derejesinde deňiz-derýa, awtomobil, demir ýol we howa ulaglarynyň her biriniň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanmaga gönükdirilen hem-de sazlaşykly işleýän düzümleriň döredilmegine baglydyr. Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň ulag ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy barha giň gerime eýe bolýar. Bu hyzmatdaşlygyň esasy ugry hökmünde dünýä halklarynyň bähbidini nazarlaýan halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek meselesine möhüm orun degişlidir.

Türkmenistanyň geografik taýdan amatly çäkde ýerleşmegi, tebigy serişdeleriň baý gorlaryna eýe bolmagy ulag ulgamyny ösdürmäge ägirt uly serişdeleriň goýberilmegine, öňdebaryjy tejribeleri ulanmak arkaly döwrebap ulag-üstaşyr geçelgeleri, köprüleri, demir ýollary we turbageçirijileri gurmak boýunça iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegine esas döredýär. Munuň özi ýurdumyzy Merkezi Aziýa sebitiniň ulag ulgamynyň esasy halkasyna öwürýär. Ýurdumyzyň ulag ulgamynda gazanan üstünliklerine we halkara derejesinde abraýynyň has-da pugtalanmagyna aýdyň mysal hökmünde hormatly Prezidentimiziň öňe süren başlangyçlary esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan birnäçe Kararnamalaryň kabul edilmegini aýratyn bellemelidir. Şu ýylyň 16-njy maýynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 26-njy noýabry «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň kabul edilmegi döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlarynyň dünýä derejesinde ykrar edilýändigini tassyklaýar.

Daýanç ANNADURDYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.